Soňky habarlar

Arhiw

GOÝÇÝSM 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň futbol birinjiliginde çempion boldy

17:2629.12.2021
0
1301

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 2006-njy ýylda doglan ýetginjeklerden ybarat topary Aşgabat şäheriniň futbol birinjiliginde ýeňiji boldy. Ýaryş şu mekdep tarapyndan guraldy.

18 ― 27-nji dekabr aralygynda geçirilen ýaryşyň ähli duşuşyklary «Aşgabat» stadionynda geçirildi.

Netijede, H.Öwezowyň şägirtleri bäş duşuşygyň dördüsinde ýeňiş gazanyp, 12 utuk bilen paýtagtymyzyň çempiony boldular.

Ikinji orny 10 utuk toplap, şu mekdebiň 2005-nji ýylda doglan ýetginjeklerden ybarat düzümi eýeledi.

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa W.Krillowyň tälim berýän «Altyn täç» futbol topary çykdy. Topar ýaryşy 9 utuk bilen tamamlady.

Bir aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda «Köpetdag» 7, «Olimp» 3, «Aşgabat» 2 utuk toplap bildi.

Denis Titow, Ýakup Baýramgeldiýew, Pena Nazarow dagylar ýaryşyň iň gowy oýunçylary saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň