Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy

09:0813.05.2024
0
9124

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan gaýtadan dikeldilen süýümi, nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 268 müň manada deň bolan polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň