«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk arzanlaşygyny yglan edýär

17:3623.12.2021
0
5723

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl mynasybetli 250 millilitrlik «BOLD Wild Edition», «BOLD City Edition», «BOLD Black Edition» we «BOLD Light Edition» haryt nyşanly alkogolsyz içgilerine, şeýle hem «BULVAR Premium Mineral water» haryt nyşanly mineral gazly suw we «BUZZ Iced Tea» haryt nyşanly sowuk miweli çaý içgilerine baýramçylyk arzanlaşygyny yglan edýär.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda alkogolsyz içgileri we miwe şireli sowuk çaýlary öndüriji hususy kärhanalaryň biridir. Bu hususy kärhananyň «Hoşal», «Buzz», «Ýunus», «Näzli» haryt nyşanly şireli we sowuk çaý içgileri bilen «Bold» haryt nyşanly witamin içgisi diňe bir içerki sarp edijileriň arasynda däl-de, eýsem goňşy ýurt sarp edijileriniň arasynda-da giňden tanalýar. «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň içgi önümleri özüniň açyk reňki, datly tagamy we dürli görnüşleri bilen tapawutlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň