Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saýat kärhanasy Täze ýylyň öňýanynda peýnir önümçiligini artdyrýar

14:4123.12.2021
0
6305

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginiň çägindäki süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhana ýakynlaşyp gelýän Täze ýylyň öň ýanynda bu maşgala baýramçylygy mynasybetli peýnir önümçiligini artdyrdy. Bu barada «jeyhun.news» web sahypasy «Rysgal» gazetiniň 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky sanyna salgylanyp habar berdi.

Kärhanada «Her gün» haryt nyşany bilen öndürilýän ereme peýnirler 100, 320 gramlyk gutulara gaplanylýar.

Şeýle hem bu ýerde peýnirleriň «Amyderýa», «Abiwerd», «Altyn peýnir» ýaly görnüşleri öndürilip, olaryň 200, 245, 450 gramy, 4 we 8 kilogramy ýörite gaplara ýerleşdirilýär.





Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň