Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus gatnawy ýola goýlar

17:4121.12.2021
0
13182
Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus gatnawy ýola goýlar

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A. Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B. Annanow köçe – Oguzhan köçe – N. Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bekrewe şosse bilen hereket edip, yzyna Bekrewe şosse – 10 ýyl Abadançylyk köçe – “Älem” medeni dynç alyş merkezi binasyna baryp yzyna –10 ýyl Abadançylyk köçe – N. Andalyp köçe – Oguzhan köçe – B. Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A. Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň