Arhiw

Ýaponiýanyň hökümetinden Türkmenistana lukmançylyk enjamlary sowgat berildi

15:3620.12.2021
0
11957

Şu gün — 20-nji dekabrda Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistana lukmançylyk enjamlary sowgat berildi. Ilkinji gezek Aşgabatda geçirilen dabara Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurtda saglygy goraýyş ulgamyna berilýän üns-alada, bu ugurda daşary ýurtlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyklar dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Türkmenistana iberen lukmançylyk enjamlary ýurduň welaýatlarynda ýerleşýän hassahanalaryň 15-sine iberiler. Bu bolsa ýerlerdäki hassahanalarda bejergi alýan raýatlaryň saglyklaryny berkitmäge ýardam eder.

— Türkmenistanda geçirilýän şu günki taryhy wakanyň şaýady bolýandygyma diýseň begenýärin. Şu günki dabara Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan lukmançylyk enjamlarynyň Türkmenistanda sowgat berlişiniň birinji çäresi. Şu günki taslamany durmuşa geçirmek üçin geçen 2020-nji ýylda Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri bilen Ýaponiýanyň hökümetiniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ylalaşyldy. Şol duşuşyga Türkmenistan tarapyndan ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Şol duşuşykda Raşid Meredowa saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada maslahatlaşyldy.

Şu ýyl Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna jenap Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, jenap Serdar Berdimuhamedow nobatdaky saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetiniň guramalary, ministrlikleri bilen, şol sanda Ýaponiýanyň premýer ministri bilen şeýle-de imperatory bilen hem duşuşyp özara gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň barşynda ykdysady meseleler boýunça, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça birnäçe maksatnamalar, telekeçiligi ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da rowaçlanjakdygyny görkezýär — diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki «Turkmenportal» web saýtymyzyň habarçysyna gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň