Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Owganystan boýunça mejlisine gatnaşdy

21:4619.12.2021
0
7589

19-njy dekabrda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň, ýagny mekdebiň, lukmançylyk edarasynyň, metjidiň gurlup ulanmaga berilendigi bellenilip geçildi. Yzygiderli esasda ynsanperwerlik ýüki ugradylýar, olaryň soňkusy şu ýylyň 14-nji dekabrynda guraldy. Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömeginiň düzümine nebit önümleri, azyk harytlary, çagalar üçin egin-eşikler girizilendir.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça YHG-nyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.

Şonuň ýaly-da bu resminamada Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň çözülmegi babatynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji Sammitiniň hem-de onuň netijeleri boýunça kabul edilen «Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň» ähmiýeti aýratyn bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň