Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýetiniň Pakistana sapary başlandy

18:0918.12.2021
0
7091
Türkmen wekiliýetiniň Pakistana sapary başlandy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün – 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen gitdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammitiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda Prezident Arif Alwiniň Aşagabada bolan saparynyň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berendigi barada bellenildi.

Taraplar şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça köpýyllyk gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi barada nygtadylar.

Esasan-da, söwda-ykdysady ugrundaky özara hereketlere hem-de onuň strategiki esasyny düzýän energetiki ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gazgeçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işler barada aýdyldy.

​Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň