Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Nýu-Deli hem-de Yslamabat şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar

22:0817.12.2021
0
7011

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Merkezi Aziýa – Hindistan dialogynyň» nobatdaky daşary işler ministrler derejesindäki mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 18 – 20-nji dekabry aralygynda degişlilikde Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň