Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň teatrlary şu hepdäniň dynç alyş günlerinde sahna eserlerine tomaşa etmäge çagyrýar

15:2816.12.2021
0
5676

Aşgabadyň teatrlary paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sahna eserlerine tomaşa etmäge çagyrýar.

Öňümizdäki günlerde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry aşakdaky sahna eserlerini görkezer:

  • 17-nji dekabr: «Şadyýan wäşiler»;
  • 18-nji dekabr: «Şadyýan wäşiler»;
  • 19-njy dekabr: «Hindi rowaýaty».

Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda tomaşaçylara şu eserler garaşýar:

  • 17-nji dekabr: «Körpe gelin»;
  • 18-nji dekabr: «Durmuş diňe düýş däl»;
  • 19-njy dekabr: «Demir aýal».

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda aşakdaky sahna eserlerine tomaşa edip bilersiňiz:

  • 17-nji dekabr: «Seň yşkyňda perwana»;
  • 18-nji dekabr: «Näzli dildarym»;
  • 19-njy dekabr: «Amanat giýew».

Mollanepes adyndaky talyplar teatry şu eserleri hödürlär:

  • 17-nji dekabr: «Gülki agşamy»;
  • 18-nji dekabr: «Çynymy aýtsam bar-a»;
  • 19-ny dekabr: «Gülki agşamy».

Ähli sahna eserleri agşam sagat 19-da başlanar.

Petekleri teatrlaryň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.

Kassalaryň telefon belgileri «Medeniýet we dynç alyş» sowal-jogap bölümimiziň «Türkmenistanyň teatrlary» sahypasynda ýerleşdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň