Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 6-njy ýanwarda biler

15:0022.12.2021
0
5863

Futzal boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyry üçin bije çekilişik dabarasy 6-njy ýanwarda Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Şol gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama duşuşyklardaky garşydaşlaryny belli bolar. Bu barada "SportMedia" habar berýär.

Biziň milli ýygyndymyz saýlama tapgyryň Merkezi we Günorta sebitinde ýaryşar. Saýlama duşuşyklar 1 ― 15-nji aprel aralygynda geçiriler. Bu sebitiň wekilleri her biri dört ýygyndydan ybarat iki toparçany emele getirer. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama duşuşyklaryň bije çekilişigine üçünji torbadan gatnaşar.

Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy geljek ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabryna çenli aralykda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşar.

Merkezi we Günorta sebit aşakdaky torbalardan ybarat:

1-nji torba: Eýran, Özbegistan;
2-nji torba: Gyrgyzystan, Täjigistan;
3-nji torba: TÜRKMENISTAN, Owganystan;
4-nji torba: Nepal, Maldiwler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň