Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» «Köpetdagy» ýeňip, Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy

18:0007.12.2021
0
4209

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda Aşgabadyň «Köpetdagyndan» üstün çykdy. «Şagadamyň» meýdanynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 26-njy minutda Resul Mahmudow geçirdi.

«Şagadam» finalda «Altyn asyr» ― «Ahal» duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Toparyň ozal diňe 2007-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolup görendigini, 2002, 2015 we 2017-nji ýyllaryň finalynda bolsa ýeňlendigini ýatladýarys.

Final duşuşygy 22-nji dekabrda geçiriler. Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan topar 2022-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Eger ýurduň çempiony bilen Kubogyň eýesi şol bir topar bolsa, geljek ýylda yklym ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi çempionatda üçünji orny eýelän topara hem dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň