Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlady

12:0007.12.2021
0
10172

Şu gün Özbegistanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. 10 günläp dowam etjek ýaryşda (17-nji dekabra çenli) medallaryň 20 toplumy üçin göreş alnyp barlar. Olaryň deň ýary erkekleriň, galan ýary hem zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişli bolar.

2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny ozal Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli, dünýä çempionaty özbek paýtagtyna geçirildi.

Daşkentdäki ýaryşa 74 döwletden 432 agyr atletikaçy gatnaşýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, olaryň 11-si türkmenistanly agyr atletikaçylardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň