Soňky habarlar

Arhiw

Bathyzda gyş möwsümi üçin 60 tonna meýdan oty ýygnaldy

10:0106.12.2021
0
353
Bathyzda gyş möwsümi üçin 60 tonna meýdan oty ýygnaldy

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri ýabany haýwanlar üçin ätiýaçlyk ot goruny döretdiler. Olar tomus, güýz aýlarynda 60 tonna meýdan otuny ýygnadylar. Şu günler ot taýýarlaýjylar bu bedeleri gyş möwsüminde — garyň galyň düşüp, uzak ýatýan wagtynda, şu sebitde gezýän toýnakly ýabany haýwanlary goşmaça iýmitlendirmek maksady bilen, olaryň gyşlaýan ýerlerine daşamak işlerini dowam etdirýärler. Şu işde ulanylýan tehnikalar we awtoulaglar birlaý gözden geçirilip, ýag-ýangyç serişdeleri bilen üpjün edilipdir.

Bu bolsa ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna, taýýarlanan ätiýaçlyk otlaryň barmaly ýerlerine öz wagtynda eltilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu ýerde goraghananyň gözegçileriniň gulluk ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş we gyşa taýýarlyk işleri geçirilipdir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň