Wepa Jumaýew «Lokomotiwiň» düzüminde Belarusyň Birinji ligasynda 33 duşuşyk geçirdi

20:0005.12.2021
0
4732

Belarusyň Futbol federaisýasy resmi saýtynda Birinji liganyň şu ýyl boýunça jemleri barada maglumat ýerleşdirildi.

Gomel şäheriniň «Lokomotiw» futbol topary möwsümde 33 duşuşyk geçirdi. Türkmenistanly ýarym goragçy Wepa Jumaýew olaryň ählisine hem gatnaşdy. «Lokomotiw» çempionatda altynjy orny eýeledi.

Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň 20 ýaşly talyby möwsümde 2653 minut meýdanda boldy we bir gezek tapawutlandy. Şeýle hem ol Belarusyň kubogy ugrundaky ýaryşda üç duşuşyga gatnaşdy.

Wepa Jumaýewiň mundan ozal Aşgabadyň «Köpetdagynda» we Rogaçýow şäheriniň «Dneprinde» futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Belarusyň Futbol federasiýasy ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplary legioner futbolçy hasaplamaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň