Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi.
Türkmen Lideri mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer assosiasiýanyň işi hem-de Türkmenistanda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolmak bilen, türkmen alabaýlaryny degişli düzümleriň işinde, hususan-da, serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük, migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanýarlar. Geljekde assosiasiýa harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde itşynaslyk boýunça ýörite okuwlary, türgenleşik çärelerini guramagy meýilleşdirýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alabaýyň hem ahalteke bedewleri we ajaýyp halylar ýaly halkymyzyň milli baýlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Şol baýlyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alabaýlarynyň tohumçylygyny ösdürmek, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek şu ulgamda alnyp barylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar. Alabaýlaryň şan-şöhratyny artdyrmak, olary goramak we köpeltmek hem-de aýawly saklamak, şol sanda bu babatda halkara derejede işleri geçirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere, assosiasiýanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň öz düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri baradaky hasabatlaryny diňledi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutany degişli edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmelerini amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Harby goranyş doktrinasyna laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gaýduwsyz Watan goragçylarynyň gullugy we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine-de aýratyn üns berjekdigini nygtady.
Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine öz üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.