Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

17:4902.12.2021
0
1462

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen 2-nji Onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi.

Olimpiada gatnaşan talyplar iki dereje boýunça, ýagny — birinji derejede filosofiýa hünäri boýunça bilim alýan, ikinji derejede bolsa – beýleki hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Filosofiýa boýunça geçirilen 2-nji onlaýn olimpiadanyň birinji derejesinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary özaralarynda bäsleşdiler.

Olimpiadanyň birinji derejesinde eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Jemile Myratgulyýewa, Leýli Allaberdiýewa, Altyn Tuwakbaýewa, Selbi Annamyradowa, Göwher Annamyradowa we Aýşat Meredowa birinji alty ornuň ählisini eýelediler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary baýrakly ikinji ornuň onusyny, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary bolsa üçünji ornuň altysyny gazanmagy başardylar.

Filosofiýa boýunça geçirilen 2-nji onlaýn olimpiadada ikinji derejede 1-nji orny HYY we ÖU-niň talyby Kuwwatmämmet Hajyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Wekil Bekmyradow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Merjen Atamyradowa, Döwlet energetika institutynyň talyplary Jennet Annabaýewa bilen Begli Geldiýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Didar Akyýew, Azire Şamyradowa, Gülruh Emelowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Onbeg Hallyýew dagylar mynasyp bolmagy başardylar.

Olimpiadada ikinji ornuň 16-syny we baýrakly üçünji ornuň 11-sini ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.

Filosofiýa boýunça geçirilen olimpiadanyň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan ýeňijileriň 16-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 49-sy mälim edildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň 28-sine höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Olimpiada bir tapgyrda türkmen we iňlis dillerinde geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepelriniň 13-sinden jemi 180-den gowrak talyp gatnaşdy.

Belläp geçsek, Filosofiýa boýunça 1-nji Onlaýn-olimpiadany geçen ýylyň dekabr aýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan guralypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň