TÝL ― 2021: Balkan derbisi «Nebitçiniň» myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy

21:4129.11.2021
0
4592

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsümindäki ikinji Balkan derbisi «Nebitçiniň» myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda milli çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda ýerli «Şagadam» «Nebitçiden» 0:1 hasabynda asgyn geldi. Myhman toparyň ýeke-täk pökgüsini 39-njy minutda kapitan Azat Garajaýew 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şu ýeňişden soňra utugyny 10-a çykaran «Nebitçi» möwsümde bu sepgide ýetip bilen bäşinji topar boldy. 17 utukly «Şagadam» bolsa öz meýdanynda ýaryşyň birinji basgançagyna geçmek mümkinçiligini elden gidirdi.

“Şagadam” – “Nebitçi” – 0:1
Gollar: 39 (11 m.j.u.) Azat Garajaýew (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 39 Resul Mahmydow, 41 Baýramgeldi Nurlyýew, 45 Aşyrgeldi Saryýew, 70 Salim Umarow, 75 Mekan Aşyrow, Yhlas Magtymow, oýundan soň (“Şagadam”) –69 Akmämmet Metdäýew, 88 Guwanç Abylow (“Nebitçi”)
Meýdandan çykarylan: 56 Resul Mahmydow, ikinji duýduryş (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň