Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow YHG agza ýurtlaryny Owganystana gaýragoýulmasyz ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrdy

18:1928.11.2021
0
8825

28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow YHG agza ýurtlary owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Türkmen Lideri bu çagyryş bilen Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutany Owganystanyň ykdysady işlere işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady, şeýlelik-de, bu ýurt hereket edýän subýekte, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýrylmaz gatnaşyjysyna öwrüler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Owganystan üçin strategik geljegi, sebit we ählumumy ýagdaýlarda onuň ornuny, parahatçylygy gazanmakda möhüm şerti, owgan topragynda ylalaşygy we ösüşi görýär.

«Şeýle hem şu ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna gaýragoýulmasyz we netijeli ynsanperwerlik kömeginiň berilmelidigine ynanýaryn» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçdi.

Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň 15-nji sammitine Eýranyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Gazagystanyň premýer-ministri gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň