Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana geldi

16:1827.11.2021
0
16282

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary başlandy.

Türk Liderini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde wise-premýer Çary Gylyjow, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral we beýlekiler garşyldy.

Türk wekiliýetiniň düzüminde Prezident Ärdoganyň aýaly Emine Ärdogan, Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Donmez, milli goranmak ministri Hulusi Akar, milli bilim ministri Mahmut Ozer, oba hojalygy we tokaý ministri Bekir Pakdemirli we beýleki birnäçe ministrlikleriň wekilleri bar.

Şu gün türkmen paýtagtyndaky «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk kärdeşini garşylamak dabarasy geçirilip, onuň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyk we iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşdäki gepleşikler geçirilýär.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Prezidentleriň gatnaşmagynda birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekiler.

Saparyň çäginde Türkiýäniň Prezidenti ýekşenbe güni geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine gatnaşar. Sammitiň çäginde Prezident Ärdogan daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň