Türkmenistanly talyplaryň arasynda hytaý dili boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy

11:2424.11.2021
0
2375

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hytaý dili boýunça 2-nji onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar iki dereje boýunça bäsleşdiler. Birinji derejede boýunça hytaý dilini we edebiýatyny öwrenýänler, ikinji derejede bolsa ýokary okuw mekdepleriniň beýleki ugurlaryndan hünär öwrenýän talyplar öz başarnyklaryny görkezdiler.

Birinji derejede Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sabina Şöhratjanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Altyn Hanowa bilen Çynar Maksadowa ýeňiji bolmagy başardylar.

Şu ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary baýrakly orunlaryň 18-sine, ikinji orunlaryň 9-syna we şonça üçünji ýere mynasyp boldular.

Onlaýn olimpiadanyň ikinji derejesi boýunça talyplaryň 6-sy ýeňiji bolup, baýrakly orny eýelemegi başardylar. Olar Şabibi Bäşimowa, Begenç Magtymgulyýew, Rüstem Gurbanow, Muhammet Goçmämmedow, Nurmuhammet Kadyrow, Ejegül Ýazyýewa dagy ýeňiş gazanmagy başardylar. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň, Döwlet energetika institutynyň we Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarydyr.

2-nji derejede ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary baýrakly ikinji orunlaryň 9-syny, üçünji orunlaryň bolsa 13-sini eýelediler.Olimpiada gatnaşan talyplaryň 13-si höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Belläp geçsek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan hytaý dili boýunça 1-nji onlaýn olimpiada 2020-nji ýylyň güýzünde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň