Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze doglan çagalar üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyrylar

19:0122.11.2021
1
132906

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda nobatdaky ýokarlandyrylmagyndan başga-da maşgaladaky bäşinji çaga we şondan soňky doglan çagalara berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek pulunyň möçberiniň ep-esli ýokarlandyryljakdygyny habar berýär.

Köp çagaly maşgalalara goldaw bermek maksady bilen, kabul edilen «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 22-nji noýabrda resmi çap edildi we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girer.

Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly şu möçberlerde töleniler:

  • birinji we ikinji çaga doglanda –binýatlyk ululygyň 130 göterimi (507 manat);
  • üçünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 250 göterimi (975 manat);
  • dördünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 500 göterimi (1950 manat);
  • bäşinji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 600 göterimi (2340 manat);
  • altynjy çaga doglanda binýatlyk ululygyň 800 göterimi (3120 manat);
  • ýedinji çaga doglanda binýatlyk ululygyň 1000 göterimi (3900 manat);
  • sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda binýatlyk ululygyň 1200 göterimi (4680 manat).

Bulardan başga-da çaganyň dünýä inen gününden üç ýaşyna çenli her aýda tölenýän çaga seretmek üçin döwlet tarapyndan berilýän kömek pulunyň mukdary artdyrylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bellendi.

Ýokarda görkezilen 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girjek üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 65 göterim bolanlygyndan ýokarlandyrylyp, 75 göterimi möçberinde kesgitlenildi. Binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 390 manat möçberde bellenilendir.

Netijede çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly 27 göterimden gowrak ýokarlanyp, her bir çaga üçin her aýda 292 manat 50 teňňe möçberinde töleniler.

Häzirki wagtda ady agzalan döwlet kömek puly 230 manat 10 teňňe möçberinde tölenilýär.

Habarlaşmak üçin: (+993 12) 98-35-17; (+993 12) 39-48-17; (+993 12) 39-48-72; (+993 12) 39-48-79.

Şeýle hem okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
hemayat ( 23.11.2021 )

Gaty gowy täzelik. Şular ýaly begençli wakalaryň dowamly bolmagyny arzuw edýarin.

29