Wagtynda bellenilmedik pensiýalar haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirilmezden töleniler

19:2022.11.2021
0
8770
Wagtynda bellenilmedik pensiýalar haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirilmezden töleniler

Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, toplaýyş pensiýasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan raýatlaryň pensiýa bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan gününden, ýöne oňa hukugy ýüze çykandan soň bellenilýär.

2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda resmi çap edilen «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny laýyklykda raýatlar öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli ýaşy boýunça pensiýanyň, gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň, hünär pensiýasynyň, toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen oňa hukugy ýüze çykandan soň gijikdirilip ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa ýüz tutulan wagtyna garamazdan, oňa hukugy ýüze çykan gününden belleniler. Bu kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan gatnaşyklara degişlidir.

Habarlaşmak üçin: (+993 12) 98-35-17; (+993 12) 39-48-17; (+993 12) 39-48-72; (+993 12) 39-48-79.

Şeýle hem okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň