“Bossan Concept” dükanyna Täze ýyl sowgatlary üçin köp sanly önümler geldi

09:4321.11.2021
0
8192

“Bossan Concept” dükany golaýda ýörite Täze ýyl sowgatlary üçin niýetlenen harytlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde öýüňizi, eýwanyňyzy, howlyňyzy we bagyňyzy bezemek üçin dürli hili täze ýyl önümlerini, şol sanda arçalary, arça bezeglerini, oýunjaklary we beýleki bezeg önümlerini, ýagny Täze ýyly dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz bilen ajaýyp garşylamak üçin ähli sowgatlyklary we bezegleri tapyp bilersiňiz.

Häzirki hödürlenýän täzelikleriň arasynda jaýy we daşaryny bezemek üçin Santa-Klaus, keýik, Täze ýyl arabasy, 1,80 metrlik bezeg adamjyklary we beýleki döwrebap bezegler bar.

Jaýyň içini ýa-da jaýyň öňüni täsin görnüşde bezemek isleýänler üçin ýörite bezegçi-dekoratoryň hyzmaty hem müşderilere ýetirilýär.

Mundan başga-da, “Bossan Concept” dükanynda Täze ýyl stoluny bezejek tagamlar, güller, şemler, salfetkalar, küýzeler ýaly ähli amatlyk harytlary bardyr. Diwanyň bezeg ýassyklary we ýumşak ýorganlar Täze ýylyň oňaýlylygyny döretmäge juda laýyk geler.

“Bossan Concept-de” bellenilişine laýyklykda, geljekki 2022-nji ýyl gara gaplaňy alamatlandyryp, bu ýylyň baýramçylyk bezegleriniň hem şol sebäpden gara, gök, açyk gök, mämişi reňkler bilen has utgaşykly görner.

Täze ýylda “Bossan Concept” dükanynyň hünärmenleri, adatça soňky müşderä çenli işleýärler, bu olara uly lezzet berýär.

“Täze ýyl arçasynyň ajaýyp öwüşgininde işlemek we müşderileriň şatlykly ýüzlerini görmek özboluşly bagt” – diýip, dükanyň işgärleri belleýärler.

Dükanda hemişe täze ýyl baýramçylygynyň sazy ýaňlanýar, @bossan_coffee_garden bolsa müşderileri gyzgyn kakao hem-de köke önümleri bilen garşy alýar.

“Bossan Concept” dükanynyň salgylary:

  • Instagram hasaplary: @bossan_concept; @bossan_flora; @bossan_outdoor_tm; @bossan_coffee_garden;
  • Telefon belgileri: 415554, 726060;
  • “Mollanepes” köçesi, 27-nji jaý, “Dürdäneli” söwda merkezi (15-nji tapgyr).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň