Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary «Abu Dhabi Grand Slam 2021» halkara ýaryşyna gatnaşar

14:5419.11.2021
0
8123

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň 26 ― 28-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek «Abu Dhabi Grand Slam 2021» halkara ýaryşyna gatnaşarlar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Bu halkara ýaryşa jemi dünýäniň 45 döwletinden 254 türgen gatnaşar. Olaryň 152-si erkekler, 102-si bolsa zenan türgenler bolar.

Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 4 erkek we 4 zenan türgen wekilçilik eder.

Olaryň sanawy

Erkekler:

— 60 kg, Aýbek Ömürow

— 60 kg, Batyr Muzaffarow

— 66 kg, Hekim Agamämmedow

— 73 kg, Isa Gaýradow

Zenanlar:

— 48 kg, Raýhon Şawkadowa

— 52 kg, Saýýara Rozyýewa

— 57 kg, Gözel Nowruzowa

— 63 kg, Zülhumar Daşgynowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň