Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýts COVID-19 pandemiýasynyň tamamlanjak möhleti barada aýtdy

18:1618.11.2021
0
97354
Bill Geýts COVID-19 pandemiýasynyň tamamlanjak möhleti barada aýtdy

Amerikaly işewür we haýyr-sahawat işlerini edýän, “Microsoft” korporasiýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts koronawirus pandemiýasynyň geljekki ýagdaýy dogrusynda gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, COVID-19 zerarly ýüze çykjak adam pidalary we onuň umumy ýokuşma derejesi geljek ýylyň ortalaryna çenli möwsümleýin dümewiň derejesine ýetip biler. Bill Geýts bu pikirini Singapurda işewür Maýkl Blumberg tarapyndan guralan “Täze ykdysady forumda” aýtdy.

Telekeçiniň çaklamasyna laýyklykda, tebigy immunitetiň, sanjymlaryň we täze derman serişdeleriniň döremeginiň hasabyna adam pidalarynyň derejesi düýpgöter peseler. Şol bir wagtyň özünde hem, täze ştammlaryň bolmazlygy hadysany azaltmakda möhüm şert bolar.

Bill Geýts öz öňki aýaly bilen ösýän ýurtlarda howply kesellere garşy göreşýän haýyr-sahawat gaznasyny dolandyrýar we ABŞ-da saglyk hem-de bilim maksatnamasyny alyp barýar. Gazeta.ru habarlar saýtynyň maglumat bermegine görä, bu gazna COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjymlary taýýarlamak we pandemiýa döwründe halklaryň garyp gatlaklaryna goldaw bermek üçin ýüzlerçe million dollar töweregi pul serişdelerini bölüp berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň