Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Aşgabatda türgenleşip başlady

08:0018.11.2021
0
9170

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça erkekler we zenanlar ýygynysy şu gün Gökderedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, türgenleşikleri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde dowam etdirmäge girişdi. Milli ýygyndymyzyň hatarynda dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa ýaly ussatlarymyz hem bar.

Agyr atletikaçylarymyz şu güne çenli Gökdere jülgesindäki «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşdiler. Aşgabatdaky türgenleşikler 5-nji dekabra çenli dowam eder. Şondan soň biziň ildeşlerimiziň 7 ― 17-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Hemişe bolşy ýaly, türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyndan ýurdumyza baýrakly orunlar bilen dolanmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda çempionata gatnaşmak üçin 12 agyr atletikaçymyz türgenleşýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň türgenleriň ikisine agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolmak başardypdy. Şolaryň biri Altymyrat Orazdurdyýew bolsa (1993-nji ýyl), ikinjisi Ýulduz Jumabaýewadyr (2018-nji ýyl). Bu türgenleriň ikinjisiniň hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň