Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda döwrebap dokma toplumy açylyp ulanylmaga berildi.
Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň kuwwaty ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri Türkmenistanyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar, şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny döredildi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.