Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny ýokary derejede geçirmeli»

13:2517.11.2021
0
18426

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Dürli medeni çäreleriň, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny ylmy maslahat, mowzuklaýyn sergiler, döredijilik duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert düzýär. Dekabrda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk çäreleri we konsertleri guralar. 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklary ýakmak çäresi bilen başlanar. Bu arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezär. Şol dabaralar tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylar. Estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Täze ýyla bagyşlanan esasy dabaralar 31-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň we «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda geçiriler. Şolarda Täze ýyl baýramy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri guralar. Paýtagtymyzy we Diýarymyzyň sebitlerini Täze ýyl teleköprüsi baglanyşdyrar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şol çäreler diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem köpöwüşginli, ýatdan çykmajak derejede we gyzykly geçirilip, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, iň gowy milli däplerimiziň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly halkara forumlaryň we döredijilik çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda hem birnäçe tabşyryklary berdi. Şol çäreler Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Milletiň Lideri Täze ýyl dabaralaryny geçirmäge ünsi çekip, olary guramaga degişli ähli guramaçylyk meselelerine örän jogapkärli we içgin çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. Şol dabaralar türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilip, hemmelere, ilkinji nobatda bolsa, çagalara şatlyk hem-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň