Soňky habarlar

Arhiw

«Iş nokady» koworking merkezi «Açyk gapylar» gününi geçirýär

11:1217.11.2021
0
3162

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Iş nokady» koworking merkezi şu ýylyň 26-njy noýabry güni, sagat 18:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga gelen adamlara koworkingiň nämedigi, onuň näme maksat bilen döredilendigi barada giňişleýin maglumatlar berler we «Iş nokady» koworking merkeziniň diwarlygynda bu işewürlik merkeziň ýerine ýetiren ähli taslama işleri görkeziler.

«Açyk gapylar» gününiň dabaraly işewürlik agşamynyň iň ünsli myhmanlary «Iş nokady» koworking merkezinde 1 gün muzdsuz (tölegsiz) işlemäge ygtyýar berýän sertifikat bäsleşigine gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Paýtagtymyzdaky «Iş nokady» koworking merkeziniň «Açyk gapylar» gününde Size diýseň gyzykly çäreler garaşýar!

Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkeziniň «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin aragatnaşyk maglumatlary:

• Telefon belgi: +993 12 46-81-65;
• «Direct»
• Salgy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň J1 böleginiň 10-njy gaty.,

«Iş nokady» koworking merkeziniň «Açyk gapylar» gününiň dabaraly işewürlik agşamynda otyrylýan ýerler çäkli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň