Türkmenistanly mekdep okuwçylar Halkara fizika olimpiadasynda dört medal gazandylar

21:3914.11.2021
1
19162

2021-nji ýylyň 8 — 13-nji noýabry aralygynda Özbegistanda geçirilen Al-Fergani adyndaky ilkinji halkara fizika olimpiadasynda türkmenistanly mekdep okuwçylar üstünliki çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Bu barada Özbegistanyň Bilim ministrliginiň web saýtynda habar berilýär.

Halkara fizika olimpiadasyna 18 ýurtdan jemi 130 okuwçy gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan çykyş eden okuwçylar bu ýaryşa onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Ilkinji gezek geçirilýän Al-Fergani adyndaky halkara fizika olimpiadasynyň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik eden mekdep okuwçylaryndan Aýşat Saparowa, Musa Artykow, Döwletgeldi Merdanow şeýle-de Bahar Çaryýewa dagy bürünç medallara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň