Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gämisiniň Azerbaýjana amala aşyran yzygiderli gatnawlary iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider

20:3715.01.2015
0
6453

Aşgabat, 15-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Bakuwyň Alýat şäherçesindäki täze halkara deňiz porty penşenbe güni Azerbaýjana baran “Ro-Pah” derejeli “Berkarar” türkmen gämisini kabul etdi. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet agentligi “Azer TAdž” habar berýär.

Portuň baş direktory Taleh Ziýadow gämini garşylamak dabarasynda söz sözlemek bilen, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjek türkmen gämisiniň gatnawlarynyň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sebitleýin ulag merkezine öwrülmegine ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ondan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. 

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap geçdi. “Türkmenistan hem Azerbaýjan bu dostlukly gatnaşygy iki ýurduň bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejesine galdyrmalydyrlar, muňa  ähli şertler bar” diýip, diplomat belläp geçdi.

Azerbaýjana amala aşyran ilkinji saparynda “Berkarar” ýük ulaglarynyň 47-sini, bir ýeňil ulag we 8 ýolagçy eltdi. Geljekde gäminiň eltjek ýolagçylarynyň we ýükleriniň sanyny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gäminiň Baku — Türkmenbaşy aralygyndaky yzygiderli gatnawlary şu ugurdaky ýük gatnadyjylyk mümkinçiligini artdyrar. Şeýle hem Türkiýeden gelýän ýük awtoulaglaryny gysga möhletde kabul etmäge we ugratmaga, olaryň ýylda ortaça 50 müňüsiniň Merkezi Aziýa aşyrylmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň