Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň energetika ministrligi täze tender yglan edýär

13:4111.11.2021
0
12440

Türkmenistanyň energetika ministrligi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça konsalting hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde halkara tenderini geçirýändigini yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýän kompaniýalar 2021-nji ýylyň 14-nji dekabryna çenli (ýerli wagt bilen 16:00-a çenli) gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezip, Türkmenistanyň energetika ministrine ýazmaça arza tabşyrmaly.

Lotuň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary Türkmenistanyň energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we gurluşyk bölüminden şu salgy boýunça alyp bolýar: Aşgabat ş., 2022-nji köçe, 55-nji jaý.

Tender resminamalarynyň paketi 1500 ABŞ dollary möçberinde töleg geçirilenden soň berler (NDS we bank tölegsiz). Tender ýüztutmalary diňe hasaba pul serişdeleri geçirileninden soň seljeriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 37-94-31, 37-94-33

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň