Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 1441-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwür bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygynyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.