Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gadymy ýadygärlikleri: Sarygamyş gowaklarynyň syry

12:3607.11.2021
0
13422

Mundan öň Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinden Mary welaýatynyň Tagtabazar sebitindäki taryhy we medeni ýadygärlik derejesine eýe bolan Ýekedeşik gowak şäheri barada habar beripdik.

Şonuň ýaly Demirgazyk Türkmenistanyň çäginde hem özboluşly gowak toplumlary bar. Orta asyrlara degişli bolan Ak gala şäheriniň harabalyklary häzirki Köneürgençden Sarygamyş kölüne tarap takmynan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Köplenç bu ýadygärlige Adak galasy hem diýilýär, onuň garşysynda 25 metr beýiklikde ýerleşýän ýüzlerçe iki we üç hili gowaklardan ybarat uly göwrümli gowak toplumyny görmek bolýar. Olar 2 kilometre uzap gidýär.

Bu gowaklardan keramikanyň bölekleri, gämilere degişli bolan bölekler we gadymy gurallara meňzeýän dürli hili gadymy zatlar tapyldy. Gowaklaryň içindäki diwarlarda bolsa çyzylan petroglif çyzgylary bar, häzirlikçe olar ylmy taýdan doly öwrenilmedi.

Bu ýerde ilatyň miladydan öňki I müňýyllykdan bäri ýaşaýandygyna ynanylýar, ýöne Sarygamyş gowaklarynyň haçan we nähili maksat bilen döredilendigi, olarda kimleriň näme üçin ýaşandygy baradaky sowallar jogapsyz bolup, ylym üçin syrlygyna galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň