Soňky habarlar

Arhiw

“Petronas” tehnologiýa ýokary okuw mekdebi türkmen talyplary üçin onlaýn okuw guraýar

16:3006.11.2021
0
8945

“Petronas” tehnologiýa uniwersiteti (Malaýziýa) Aşgabatdaky Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dürli hünärlerde okap bilim alýan talyplary üçin birnäçe tapgyrlaýyn okuw sapaklaryny geçirýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Okuw sapaklarynyň maksady FreeCAD we beýlekiler ýaly innowasion sanly programma üpjünçiligi bilen işlemegiň usullaryny özleşdirmekden ybaratdyr.

Bu tapgyrlaýyn okuwlar Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “Petronas” Tehnologiýa uniwersitetiniň (Malaýziýa) arasynda özara düşünişmek Memorandumynyň çäklerinde gurnaldy.

Çeşmede bellenilişine görä, okuw sapaklary oktýabr aýynyň ortalaryndan başlap, noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň