Arhiw

Huseýn Norçaýew AFK kubogynyň 2021-nji ýylky möwsüminiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy

12:5606.11.2021
0
4219
Huseýn Norçaýew AFK kubogynyň 2021-nji ýylky möwsüminiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy

Özbegistanyň “Nasaf” futbol toparynyň hüjümçisi Huseýn Norçaýew AFK kubogy möwsüminiň ahyrynda iň köp gol geçiren futbolçy diýlip yglan edildi. 19 ýaşly hüjümçi bu ugurda 7 gezek tapawutlandy.

Bu görkeziji boýunça türkmen futbolçylaryndan “Ahal” toparynyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew 5 sany geçiren goly bilen ikinji orunda durýar.

Bulardan başga-da, 4 gol geçiren futbolçylardan Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”), Ahmed Akaýçi (“Al-Kuweýt”), Jiwanilton Martins Ferreýra (“Li Man”) we Ronald Nga Wanja (Es-Salt) ýaly futbolçylary belläp geçmek bolar.

AFK kubogynyň 2021-nji ýyl möwsüminiň soňky duşuşygynda “Al-Muharrak” topary “Nasafdan” üstün çykdy. Duşuşyk Aradda (Bahreýn) geçirilip, 3:0 hasabynda tamamlandy.

“Al-Muharrak” taryhda ikinji gezek AFK kubogynyň ýeňijisi boldy. Ýatlatsak, bahreýnli futbolçylar AFK kubogyna ilkinji gezek 2008-nji ýylda eýe bolupdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň