Soňky habarlar

Arhiw

Saratowdaky türkmenistanly talyplar BWU-nyň gahrymanlarynyň mazarlaryny abadanlaşdyrmaga gatnaşýarlar

22:3503.11.2021
0
8827

Saratowdaky jemgyýetçilik toparynyň meýletinçileri Rokotowskiý gonamçylygynda jaýlanan Beýik Watançylyk urşunyň 20-siniň mazaryny gowulandyrmak üçin jemgyýetçilik ähmiýetli çäräni guradylar. Bu barada "Bütinrus halk fronty" maglumat çeşmesi habar berýär.

Şu gezek meýletinçilere N.G.Çernişewskiý adyndaky Saratow döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar hem goşuldy.

Maglumat çeşmesinde olar barada: «Türkmen ýaşlary hoşniýetli duýgularyň alamaty hökmünde maşgalalarda söýülýän gahrymanlaryň hatyrasyna haýyr-sahawat işlerine gatnaşdylar» diýip ýazdy.

Uruş weteranlarynyň mazarlaryny abadanlaşdyrmak 2021-nji ýyldaky taslama Prezidentiň Grant gaznasyndan goldaw aldy. Meýletinçiler ýylyň başyndan bäri Saratow sebitindäki oba we şäher gonamçylyklarynda 500-den gowrak mazary arassaladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň