Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2022-ä gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy

20:0502.11.2021
0
7602

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň 1-9-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Şeýlelikde, yklym ýaryşyna gatnaşjak ýygyndylaryň ählisi belli boldy. Olardan bu ýaryşa Özbegistanyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Awstraliýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bäşinji, Kataryň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wýetnamyň, Tailandyň ýygyndylary dördünji, Kuweýt bilen Malaýziýanyň ýygyndylary ikinji, türkmen we täjik futbolçylary bolsa birinji gezek gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň