Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa daşary ýurtlylar üçin ÝOM-da tölegsiz bilim almaga dalaşgärleri kabul etmegiň möhletini uzaltdy

19:5130.10.2021
0
15590

Russiýa Federasiýasy GDA ýurtlaryndan bakalawr, hünärmen, magistr, ordinatura we aspirantura okuwlary boýunça ýokary okuw mekdeplerde mugt bilim almak isleýän dalaşgärler üçin resminamalary tabşyrmagyň möhletini bir aýa golaý — 25-nji noýabra çenli uzaltdy. Bu barada “Россотрудничество” Federal agentliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Mundan öň dalaşgärleri kabul etmegiň 1-nji noýabra çenli dowam etjekdigi habar berlipdi. Kwota almak üçin arzalary tabşyrmak education-russia.com sahypasyna onlaýn amala aşyrylýar.

2022/2023-nji okuw ýylynda kwota ýerleriniň mukdary 23 müň sanydyr. Agentlik üçin ileri tutulýan ugur GDA agza bolup durýan ýurtlardyr. “Россотрудничество” guramasynyň başlygy Ýewgeniý Primakowyň bellemegine görä, soňky kabul ediş netijelerine laýyklykda, 80 müň arzanyň 30% -i goňşy ýurtlardan gelýär.

Agentligiň metbugat gullugy GDA-nyň mekdep okuwçylarynyň, şol sanda türkmenistanly raýatlaryň, köplenç Russiýada lukmançylyk hünärlerini öwrenmäge isleg bildirýändigini belleýär. Kabul edişligiň aralyk bahasyna görä, iň köp isleg bildirilýän üç ugur — umumy lukmançylyk, ykdysadyýet we stomatologiýa hünärleridir.

Täze okuw ýyly üçin tabşyrylan resminamalaryň sany häzirlikçe anyk belli däl, sebäbi kabul ediş henizem dowam edýär. Şeýle-de bolsa, “Россотрудничество” Russiýada bilim almak üçin ýüz tutýan ýurtlaryň adyny eýýäm mälim edýär.

Agentligiň hasabatynda ýüz tutýanlaryň sany boýunça Türkmenistan Täjigistandan soň ikinji orunda durýar. Soňra bolsa Gazagystan, Belarus we Özbegistan ýaly döwletlerden resminalar kabul edilýär.

Geçen ýyl kwota boýunça Russiýada okamak üçin Türkmenistandan 1800 arzanyň tabşyrylandygyny bellemek gerek. Şol sanda 220 sany türkmen raýaty Russiýada mugt bilim almak hukugyna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň