Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «KamAZ» awtoulagynyň täze nusgasyny synagdan geçirdi

23:0029.10.2021
0
13306

29-njy oktýabrda ýokary tizlikli ýoluň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasynyö çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenko bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlikde S.Tkaçenko Russiýanyň iri korporasiýasynyň “KamAZ” kysymly awtoulagyň täze nusgasyny — refrižeratory çykarandygyny habar berdi. Işewür milletiň Lidere täze nusgadaky awtoulagy sowgat berdi hem-de täze ýolda bu ulagy synap görmek haýyşy bilen ýüzlendi.

“KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli ilerledilmegine umyt bildirip, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutany indi köp ýyllaryň dowamynda awtomobil sürmek bilen meşgullanýandygyny, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň dürli täze kysymly ulaglaryny synap görýändigini nygtap, täze awtoulaga münüp, ýokary tizlikli ýol boýunça hereketini dowam etdirdi.

Milli Lider birnäçe kilometr ýoly geçip, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy S.Tkaçenko bilen awtomobiliň täze kysymy baradaky pikirini paýlaşdy.

Döwlet Baştutany dürli awtoulag tehnikasy bilen öňden bäri tanyşdygyny hem-de ýokary tizlikli awtoulaglarda ýaryşlara gatnaşyp, ýük we ýeňil awtoulaglaryň dürli görnüşlerine erk edendigini belledi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze kysymly awtoulagyň aýratynlyklary barada aýdyp, Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän dolandyryşyň iň täze ulgamynyň doly awtomatlaşdyrylandygyna ünsi çekdi. Bu bolsa ýokary derejede howpsuzlygy, ygtybarlylygy hem-de tygşytlylygy üpjün edýär.

“Awtoulagy dolandyrmak mende ýakymly täsir galdyrdy, ol örän oňaýly. Göwrüminiň uludygyna garamazdan, hereket edende örän ýeňil hem-de awtoulagy dolandyrmagyň tygşytlylyk, howpsuzlyk we ekologik babatda ähli kadalaryna laýyk gelýär” diýip, milli Lider aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz awtomobiliň bezegine ünsi çekdi. Daşyndan awtoulag örän gyzykly görünýär, daş-töwerekdäkileriň ünsüni çekýär, käbir adamlary bolsa haýran galdyrýar. Awtoulagyň salonynyň içi hem owadan. Abzallaryň paneli amatly, onda dolandyrmak babatda örän oňaýly multimedia paneli ornaşdyrylypdyr diýip, milli Lider belledi.

Şeýle hem hormatly Prezident awtoulagyň tehniki häsiýetlerine, onuň ýoldaky hereketine, hususan-da, ýeňillik bilen bat almak ukybyna kanagatlanma bildirdi. Milli Lider tormoz ulgamy barada aýdyp, onuň öz wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelýändigini, kemçilikleriň ýüze çykarylmandygyny nygtady. Awtoulagyň dolandyrylyşy barada hem şolary aýtmak bolar: awtoulag aňsatlyk bilen dolandyrylýar, ýolda oňat hereket edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezident Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny awtoulagyň täze nusgasynyň çykarylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, awtomobiliň sowgat berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň