Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» merkezi duşuşykda «Altyn asyrdan» üstün çykdy

20:1729.10.2021
0
6879

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Altyn asyr» hem-de «Ahal» toparlary duşuşdylar. BU barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýty habar berýär.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. «Ahala» ýeňiş getiren toplaryň ikisini Elman Tagaýew öz adynda ýazdyrmagy başardy. Geçiren bu toplaryndan soň gollarynyň sanyny dörde ýetiren E.Tagaýew çempionatyň iň köp top geçiren oýunçylarynyň sanawynda öňdäki orna geçmegi başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynyň hemmesi hem deňlikde tamamlandy: «Merw» — «Köpetdag» — 2:2, «Nebitçi» — «Şagadam» — 0:0, «Energetik» — «Aşgabat» — 0:0.

Şeýlelikde Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçirilen duşuşyklardan soň 7 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde öňdäki orna geçmegi başardy. ««Altyn asyr» (6 utuk) ikinji, «Şagadam» (4 utuk) bolsa üçünji orny eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji duşuşyklary 1-nji («Ahal» — «Energetik», «Şagadam» — «Altyn asyr», «Köpetdag» — «Nebitçi») hem-de 2-nji («Aşgabat» — «Merw») noýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň