Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Tatneftiň" ýolbaşçysy Prezidente Türkmenistandaky täze taslamalar barada maglumat berdi

22:1427.10.2021
0
6684

“Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Nail Maganow ýurdumyzyň bazarynyň “Tatneft” üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işewür döwlet Baştutanynyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi.

Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologik-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.

Işewür iki tarapyň hem bähbidine hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Milletiň Lideri “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerine hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli we oňyn çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, ösüşiň geljekki meýilnamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ş.Abdrahmanowa hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy G.Baýgeldiýewe ýüzlenip, döwlet konserni tarapyndan çig nebiti gazyp almagyň möçberlerini artdyrmak hem-de tassyklanylan meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ozaly bilen, nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny netijeli çekmek boýunça geçirilýän işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, türkmen tarapynyň bähbitlerine bu ulgamda halkara tejribäni, täze usullary köpräk ulanmagyň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça täze şertnamalary baglaşmagyň zerurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň