Arhiw

Lebap welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy

12:4227.10.2021
0
750

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylary Türkmenistanda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Ekiş möwsüminiň möhletlerde hem-de agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi, munuň özi gymmat bahaly bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Türkmenistanda däneli ekinleriň ekiş möwsüminiň başlanýan döwri tomus paslynyň ahyrky günlerine gabat gelýän hem bolsa, oba hojalykçy alymlaryň aýtmaklaryna görä, türkmen güýzi güýzlük bugdaýy ekmek üçin iň bir amatly wagt bolup durýar. Hut şu döwürde bugdaý dänesi endigan gögeriş alýar.

Şu möwsümde howa babatynda hem, agrotehniki şertler babatynda hem ýagdaýlar amatly boldy. Ekiş üçin ýokary hasyl berýän hem-de kesellere durnukly tohumlar taýýarlanyldy. Ekiş işlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman oba hojalyk enjamlary peýdalanyldy.

Geljek ýyl Türkmenistanda jemi 1 million 400 müň tonna, şol sanda Lebap welaýatynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Ekin meýdanlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawyndan ruhlanýan merdana ekerançylarymyzyň tutanýerli zähmeti göz öňünde tutulan şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine berk ynam döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň