Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Aşgabatda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

23:1526.10.2021
0
4333
Berdimuhamedow Aşgabatda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda türkmen Lideri Aşgabadyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, onuň ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen, baglanyşykly meseleler türkmen Lideriniň hemişe üns merkezinde duýar.

Ir bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahy Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmen Lideri medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde we onuň töwereklerinde ekiljek bag nahallarynyň Aşgabadyň günorta künjeginiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, olary seçip almaga ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülmegine ünsi çekip, Aşgabadyň bu künjeginiň arassaçylyk we ekologik ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Iş saparynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanyp ulanylmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi. Munuň üçin meýilleşdirilen ähli işler ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýagdaýda amala aşyrylmalydyr diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we degişli ýolbaşçylara hem-de wise-premýer M.Mämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň