Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Germanwatch” howanyň üýtgemeginden has köp zyýan çeken ýurtlaryň sanawyny yglan etdi

09:4426.10.2021
0
692

Golaýda “Germanwatch” barlag topary howanyň üýtgemeginden has köp zyýan çeken ýurtlaryň sanawyny yglan etdi. Sanawda hünärmenler 2000-2019-njy ýyllar aralygyndaky maglumatlary getirdiler. Barlagyň netijelerine görä, Puerto-Riko, Mýanma klimatyň üýtgemeginden iň köp zyýan çeken ýurtlaryň sanawynda ilkinji orunlary eýeleýär, olardan soňra Gaiti, Filippinler, Mozambik, Bagam adalary, Bangladeş, Pakistan, Taýland we Nepal ýerleşdi.

Bu sanalan ýurtlara şu ýylyň mart aýynda Hindi ummanynyň günorta-günbatar bölegine aralaşan güýçli tropiki harasat uly zyýan getirdi diýlip, maglumatda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň