Soňky habarlar

Arhiw

Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy

16:5625.10.2021
0
2974

ABŞ-nyň basketbol ýyldyzy Maýkl Jordanyň geýen sport aýakgaby söwda-satyg auksionynda 1,47 million dollara satyldy, bu barada BBC News habar berdi.

Ýurduň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde “Sotheby's” söwda öýünde ýekşenbede geçen söwdalaşyklarda türgeniň goly goýlan krossowkalaryny belli toplaýjynyň biri 1,47 million dollara satyn aldy.

“Nike” kompaniýasy tarapyndan Jordan üçin bu sport köwüşleri ýörite taýýarlanypdyr, ol bu sport köwüşlerinde 1984-nji ýylda “Çikago Bullz” toparynyň düzüminde ilkinji gezek möwsümiň oýunlaryna gatnaşypdyr. Hut şol ýyl “Nike” we Maýkl Jordan Air Jordan ady bilen aýakgabyň we egin-eşigiň täze brendini döredipdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň