Soňky habarlar

Arhiw

Makron elektrik togunyň gymmatlamagy bilen bagly ilaty goldamagy teklip etdi

10:5525.10.2021
0
679

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurtda elektrik togunyň gymmatlamagy bilen bagly hökümetiň ilatyň satyn alyş ukybyna ýardam bermek boýunça çärelerini goldady. Ol munuň üçin fransuzlara elektrigiň gymmatlandygy üçin öweztölegini tölemegi teklip etdi.

Öň ýurduň hökümet başlygy Žan Kasteks ilatyň aýlyk zähmet haky 2 müň ýewrodan az bolan gatlagyna birwagtlyk 100 ýewro möçberde öweztöleginiň töleniljekdigini mälim edipdi. “Men bu karary adalatly we maksadalaýyk hasaplaýaryn” diýip, Makron aýtdy.

Öň fransuz hökümeti tebigy gazyň günsaýyn artýan nyrhyny 2022-nji ýylyň aýagyna çenli saklamak barada karar kabul edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň