Soňky habarlar

Arhiw

Kasym-Žomart Tokaýew Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

21:4024.10.2021
0
8753

Türkmenistana iki günlük döwlet sapary bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Ol hormatly myhmany Türkmenistanyň Prezidenti garşylady.

Ahalteke atçylyk toplumynda döwlet Baştutanlary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekilmegi göz öňüne tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň