Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysyna ýükleri daşamak hyzmaty girizildi

12:2824.10.2021
0
32058

Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ykjam goşundysynda ýükleri we ýollamalary daşamak hyzmaty ýola goýuldy. “Ýükleri daşamak” düwmesi goşundynyň baş sahypasyndaky “Beýlekiler” bölümçesinde ýerleşdirilendir.

Ykjam goşundynyň täzelenmesi eýýäm “Google Play” we “AppStore” internet dükanlarynda goýuldy.

Goşundynyň üsti bilen ýük ugratmagy ýola goýmak üçin ýüküň iberiljek şäherini, şeýle hem eltmeli salgyny, alyjynyň telefon belgisini we maglumatlaryny girizmek ýeterlikdir.

Eltip bermek hyzmatynyň tölegini goşundy arkaly geçirmek üçin bolsa ýüküň agramyny we göwrümini görkezmeli. Ýüki ýollamak üçin howa menziline eltmek zerurdyr.

Bu hyzmat Türkmenistanyň 5 sany iri howa menzilinde amala aşyrylýar.

Mundan öň, 2021-nji ýylyň gyşynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ howa gatnawlary arkaly hatlary we ýollamalary eltip bermek hyzmatyny ýola goýupdy. Ýollamalar göwrümi boýunça biri-birinden tapawutly bolan ýörite gaplarda ugradylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň